Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol topary bilen duşuşar. Bu barada Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFK) Kuala-Lumpurdaky ştab-kwartirasynda geçirilen bije çekişligiň netijeleri boýunça mälim boldy.
Ýaryşyň 1/8 finalynyň ilkinji oýunlarynyň 10-11-nji fewralda, jogap duşuşyklarynyň bolsa 18-19-njy fewralda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ilkinji duşuşyk Aşgabat Olimpiýa stadionynda bolar.
«Al-Nasr» toparynyň düzüminde 2016-njy ýylyň Ýewropa çempiony we 5 gezek «Altyn topuň» eýesi bolan portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu çykyş edýär.
excerpt
Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol topary bilen duşuşar.